Türkiýäniň Daşary işler ministri Pakistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Pakistanyň Bulujystan welaýatynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 6-sy çaga jemi 20 adam ýogaldy

1716023
Türkiýäniň Daşary işler ministri Pakistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, ýer titremede ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şu gün Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Pakistanyň günortasyndaky Bulujystan sebitinde şu gün irden başdan geçirilen ýer titremede ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi, zerurlyk gerek bolan halatynda kömege taýardyklaryny beýan etdi" diýip habar berildi. 

Pakistanyň Bulujystan welaýatynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 6-sy çaga jemi 20 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar