Yragyň demirgazygynda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1715432
Yragyň demirgazygynda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Milli Howpsuzlyk gullugy bilelikde operasiýa geçirdi. 

Geçirilen operasiýanyň netijesinde PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Beýleki tarapdan Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde PKK-a garşy operasiýa geçirdi. Operasiýada 2012-nji ýylda Hakkari welaýatynyň Daglyja diýilýän ýerinde guralan we 8 esgeriň şehit bolmagy bilen netijelenen hüjüme gatnaşanlaryň biri bolan "Doktor Rodi" adyny ulanýan Özjan Ýyldyz täsirsiz ýagdaýa getirildi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #Hakurk , #PKK

Degişli Habarlar