Erdogan Partiýasynyň Mejlis Toparynyň Maslahatyna Gatnaşdy

Prezident R.T. Erdogan maslahatda konstitutsiýanyň täze teksti boýunça görülýän taýarlyklar hakynda maglumat berdi

1715657
Erdogan Partiýasynyň Mejlis Toparynyň Maslahatyna Gatnaşdy

Prezident Erdogan: “Beýleki partiýalaryň konstitutsiýa teklipleri bilen öz taýarlyklarymyzy utgaşdyryp bilsek, kanun çykaryş ýyly gutarmanka Mejlisiň çäginde netije alyp bileris” diýdi.

Prezidet Erdogan partiýuanyň täze kanun çykaryş ýylyndaky ilkinji maslahatda sözlän sözünde konstitutsiýanyň täze teksti we görülýän taýarlyklar hakynda beýanat berdi.

Türkiýäniň gün tertibine getirilen konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy hakyndaky teklibiň içginlik bilen taýarlanandygyny nygtan Erdogan, Mejlisdäki beýleki partiýalardan hem taýarlyklaryny gysga möhletde halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirmeklerine garaşýandyklaryny aýtdy.

Erdogan: “Eger beýleki partiýalaryň konstitutsiýa boýunça teklipleri bilen biziň taýarlyklarymyz utgaşsa, kanun çykaryş ýyly gutarmanka Mejlisiň çäginde netijä ýeteris” diýdi.

Türkiýäniň Prezident dolanşygy bilen eýe bolan ýeňillikleriniň nähili möhümdiginiň koronawirus pandemiýasy döwründe hemmeler tarapyndan görülendigini nygtan Erdogan: “Ösen ýurtlar bilen birlikde ençeme ýurt henizem dowam edýän syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik kynçylyklara garşy göreşýän bolsa, biz saglygy goraýyşdan senagata ähli pudakda özümizi oňyn tapawutlandyrmagyň hötdesinden geldik” diýdi.

 



Degişli Habarlar