"Ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplary iň köp umumy ýaşaýyş jaý bilen üpjün eden ýurtdyrys"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplary iň köp umumy ýaşaýyş jaý bilen üpjün eden ýurtdugyny aýan etdi

1715145
"Ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplary iň köp umumy ýaşaýyş jaý bilen üpjün eden ýurtdyrys"

Prezident Erdogan Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde 2021-2022-nji Ýokary okuw ýylynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

Erdogan çykyşynda, uniwersitetlerdäki işgärleriň sanyny 70 müňden 180 müňe ýetirendiklerini belläp, 18-22 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň 44 göteriminiň ýokary okuw jaýlarynda okap bilmek mümkinçilikleriniň bardygyny beýan etdi. 

Türkiýedäki uniwersitetleriň 230 müň daşary ýurtly talyba hem ýer eýeçiligini edýändigini aýdan Erdogan, şu ýyl 3 müň 500 talyp haky üçin 165 müň talyp dalaşgäriniň ýüz tutandygyny habar berdi. 

Erdogan koronawirus epidemiýasyna garşy gerek bolan çäreleri görmek şerti bilen uniwersitetlerde okuw ýylynyň arakesmesiz ýagdaýda dowam etmegi ugrunda tutanýerlidiklerini mälim etdi. 

"Türkiýe 1 milliondan gowrak düşek mümkinçiligi we uly tapawut bilen, dünýäde ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplara iň köp umumy ýaşaýyş jaý bilen üpjün eden ýurtdyr" diýip bellän Erdogan, 110 müňden gowrak orunlyk täze umumy ýaşaýyş jaýlaryny hyzmata berip, umumy ýaşaýyş jaý meselesini dolulygyna çözjekdiklerini aýan etdi. 

Prezident Erdogan ýokary okuw jaýlaryny goldamaga dowam etjekdiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar