Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 33 müň 152 adam öýlerine ugradyldy

1714611
Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 248 boldy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 352 müň 214 adam testden geçirildi.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 28 müň 810 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 33 müň 152 adam öýlerine ugradyldy.

Beýleki tarapdan Türkiýede häzirki wagta çenli birinji, ikinji we üçünji doza sanjymlaryň sany 110 million 767 müň 792-e ýetdi.



Degişli Habarlar