Ýaz we tomus pasyllarynda jemi 127 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Eren operasiýalarynda 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde başladylan ýaz-tomus tapgyry üstünlikli ýagdaýda tamamlandy

1712962
Ýaz we tomus pasyllarynda jemi 127 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan ýaz we tomus pasyllarynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýalarda 39-y guramanyň ýolbaşçysy bolan jemi 127 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Eren operasiýalarynda 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde başladylan ýaz-tomus tapgyry üstünlikli ýagdaýda tamamlandy. 

Operasiýalarda 4-si gyzyl, 1-i gök, 2-si ýaşyl, 10-y narynç, 17-si çal, 5-i reňk kategoriýasynda bolmaýan 39-y ýokary derejeli bolan jemi 127 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Operasiýada 402 gaçybatalga, gowak we ýerasty ammarda, 242 mina, elde ýasalan partlaýjy, 271 ýarag, 258 granat, 632 gaz ballon we 13 tonna azyk we gündelik ýaýyş üçin gerek bolan zatlar ele salyndy. 



Degişli Habarlar