Erdogan: "Brett MakGerk terroryň dolandyryjysy" diýdi

Prezident Erdogan: "Siziň hem bilişiňiz ýaly ol ýerde Brett MakGerk diýen bir adam bar. Bu adam göýä terror guramalarynyň üpjünçiligini we dolanşygyny amala aşyrýar" diýip belledi

1712811
Erdogan: "Brett MakGerk terroryň dolandyryjysy" diýdi

Prezident Erdogan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Soçi şäherinde geçiren duşuşygyndan soň Türkiýä gaýdyp gelýärkä uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi. 

Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklykda Soçi şäherine guran saparynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze we güýçli ýagdaýda itergi berendiklerini hem-de sebitde başdan geçirilen soňky hadysalar barada pikir alyşandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, Siriýa babatynda Russiýa bilen ozal gazanylan ähli ylalaşyklara baglylygyň dowam edýändigini, olaryň hiç birinden yza ädim etmegiň mümkin däldigini beýan etdi. 

Siriýanyň Idlib sebitinde parahatçylyk ylalaşygynyň berk ýagdaýda dowam etmeginiň, esasan hem Türkiýeden yza dolanyp barjak adamlaryň sanyny artdyrjakdygyny aýdan Prezident Erdogan: "400 müňi Idlib sebitine bolmak bilen 1 milliondan gowrak adam öz ýerlerine gaýdyp bardy. Bu oňyn bir waka. Bu sany artdyrmak we ýurdumyzda myhman edýän siriýalylaryň howpsuz ýagdaýda öz topraklaryna barmaklary üçin edilýän işler arakesmesiz dowam edýär" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Meniň esasan hem üstünde durup geçen ýene-de bir ugrym hem ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Moskwada bolmagydy. Bu meseläni özlerine ýatlatdym. Şolar ýaly bu gurama ABŞ-da Ak Tamda hem kabul edildi. Ol ýerde hem olara gyzyklanma, gynansagam ýokary derejededi. Siziň hem bilişiňiz ýaly ol ýerde Brett MakGerk diýen bir adam bar. Bu adam göýä terror guramalarynyň üpjünçiligini we dolanşygyny amala aşyrýar. Bu adam PKK/ÝPG/PÝD-nyň dolandyryjysy ýagdaýynda. Elbetde meniň bu sözlerim käbir adamlary örän biynjalyk eder. Ony hem bilýäris. Emma terror guramalary bilen ol ýerlerde el-ele tutuşyp, gol-gola tutuşyp ýören adamdyr ol. Meniň terrorçylara garşy göreşýän sebitimde onuň olar bilen el-ele tutuşyp ýöremegi, meni örän biynjalyk edýär. Häzirki wagtda hem onuň terror guramalary bilen ýakyndan gatnaşyk saklamagy, bilelikde bolmagy, nähili pozisiýada bolandygyny görkezýär. Ir ýa-da giýç Amerika ol ýerlerden çykmaly we ol ýerler Siriýanyň halkyna berilmeli. Terrora garşy göreş babatynda jebisligimizi artdyrmagymyz gerek diýip belledik" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar