“Amerikalylar Türkiýä Patriot Raketa Goranyş Ulgamyny Satmady”

“Nýu-Ýork Taýms” gazeti Prezident R.T.Erdogan bilen geçiren söhbetdeşliginiň birinji bölümini çap etdi

1712482
“Amerikalylar Türkiýä Patriot Raketa Goranyş Ulgamyny Satmady”

Erdogan gazete beren söhbetdeşliginde: “Amerikalylar Türkiýä Patriot raketa goranyş ulgamyny satan bolsady, S-400 ulgamyny almaga mejbur bolmazdyk” diýdi.

Amerikanyň “Nýu-Ýork Taýms” gazeti BMG-niň 76-njy Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-da saparda bolan Prezident Erdogan bilen geçirilen söhbetdeşligiň S-400 howa goranyş ulgamy bilen bagly bölümini çap etdi.

Erdoganyn düýn Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçiren özara duşuşygy bilen bagly habarda orun berilen bölümde beýan edilmegine görä Erdoganyn ösen rus goranyş ulgamyny satyn alyp, günbataryn esasy harby alýansy NATO zyýan ýetirendigi barasyndaky tankydy bellikleri kabul etmändigi nygtalýar.

Habarda beýan edilmegine görä Erdogan “Nýu-Ýork Taýmsyň” ýaýlym geňeşine beren beýanatynda hem NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň hem-de ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň Türkiýäniň ýarag üpjün edijilerini saýlap alma hukugynyň bardygyny tassyklandyklaryny ýatladyp, “Öz ýaraglarymyzy alýarys” diýdi.

Erdogan: “Amerikalylar Türkiýä Patriot raketa goranyş ulgamyny satan bolsady, S-400 raketa goranyş ulgamyny almaly bolmazdyk” diýdi.

Erdogan, Türkiýäniň S-400-i almagynyň ABŞ bilen sebäp bolan çekeleşiklerine degip-degmändigi hakyndaky soraga bolsa; “Meniň pikirimçe muňa deger. Goranyş pudagymyzy isleýşimizçe güýçlendirip bileris” diýip, jogap berdi.

Prezident Erdogan aýratynam Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň esasy ähmiýetini gorap saklaýandygyna ünsi çekip; “Türkiýäniň ABŞ bilen uzak ýyllardan gelýän gatnaşyklary bar. Onuň güýçlendirilmegi möhüm” diýdi.



Degişli Habarlar