Fuat Oktaý Çernogoriýanyň Wise-premýerini kabul etdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Çernogoriýanyň Wise-premýeri Dritan Abazowiçi kabul etdi

1708766
Fuat Oktaý Çernogoriýanyň Wise-premýerini kabul etdi

Prezidentiň kompleksinde geçen kabul edilşikde sebitleýin meseleler bilen birlikde ikitaraplaýyn ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşykda howpsuzlyk, goranyş, energetika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk bilen birlikde ençeme pudak boýunça hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy bilen bagly meseleleriň üstünde durulyp geçildi, VI KEK maslahatynyň şu ýylyň içinde geçirilmegi barada karara gelindi. 

Duşuşykda Abazowiç Türkiýä sapar guramakdan hoşaldygyny we gelen pursatlaryndan başlap özüni öýünde ýaly duýandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň we Çernogoriýanyň umumy taryhy we medeniýeti paýlaşýan, güýçli ynsany we garyndaşlyk gatnaşyklaryna eýe iki ýurtdugyny aýdan Fuat Oktaý bolsa guralan sapardan hoşaldyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar