Çawuşogly Owganystan Meselesi Boýunça Geçirilen Maslahata Gatnaşdy
Bu barasynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitterden habarnama berdi
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ we Germaniýa tarapyndan guralan wideomasalhatda Owganystanky syýasy ýagdaýlar we gumanitar meseleler hakyndaky garaýyşlaryny beýan etdi.
Çawuşogly Twitter hasabyndan beren habarnamasynda, ABŞ we Germaniýa tarapyndan geçirilen Owganystan temaly wideomaslahata gatnaşandygyny, maslahatda Owganystandaky syýasy ýagdaý we günsaýyn agyrlaşýan gumanitar meseleler hakynda garaýyşlaryny beýan edendigini ýazdy.
15-nji awgustda paýtagrt Kabuly gurşap alan Taliban, Prezident Aşraf Ganiniň ýurdy terk etmeginden soň şäheri gysga möhletde alypdy.
Taliban öňňin hökümeti gurandygyny yglan edipdi.
Degişli Habarlar
Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi
Prezident R.T.Erdogan Stambulda Ysraýyl-Eýran dartgynlygy hakynda beýannama berdi.
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.