BMG-nyň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komisary Türkiýede Saparda Bolýar

Prezident Erdogan, Türkiýede saparda bolýan BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Filippo Grandini kabul etdi

1704907
BMG-nyň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komisary Türkiýede Saparda Bolýar

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýede saparda bolýan BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Filippo Grandini kabul etdi.

Paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde bolan kabul edilşikde Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde sebitdäki göç meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisary resmi saparynyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu we Içeri işler ministri Süleýman Soýlu bilen hem duşuşypdy.

Çawuşoglu duşuşykdan soň sosial mediadan beren habarnamasynda “Göç meselesi dünýädäki ähli ýurtlaryň meselesi. Bu meselede her bir ýurt adalatly we jogapkärçilikli hereket etmeli” diýdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada Grandiniň Ankaradaky duşuşyklaryndan soň Şanlyurfa we Gaziantepe gitjekdigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar