Prezident Erdogan, BMG-nyň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komisaryny Kabul Eder

Kabul edilşikde göç we bosgunlar meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar

1704453
Prezident Erdogan, BMG-nyň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komisaryny Kabul Eder

Prezident R. T. Erdogan, BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Filippo Grandini kabul eder.

Resmi sapar bilen Türkiýä gelen Grandi şu gün Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul ediler.

Prezidentiň komplesinde bolan kabul edilşikde, Owganystanda ýüze çykan bosgun meselesiniň başda durmagynda sebitdäki göç we bosgunlar meselesiniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyljakdygy nygtalýar.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Grandiniň paýtagt Ankarada geçirjek resmi duşuşyklaryndan soň Şanlyurfadaky we Gazintepdäki bosgun düşelgelerine baryp göjekdigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar