Mustafa Şentop türk jemgyýetiň wekillerini kabul etdi

Wena şäherindäki türk jemgyýetiň wekillerini kabul eden Mustafa Şentop, raýatlar bilen söhbetdeş boldy, olar bilen ýadygärlik surata düşdi

1704486
Mustafa Şentop türk jemgyýetiň wekillerini kabul etdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Parlamentlerara Bileleşiginiň Başlyklarynyň 5-nji Maslhatyna gatnaşmak maksady bilen giden Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde, türk jemgyýetiň wekillerini kabul etdi. 

Mustafa Şentop, saparynyň çäginde Türkiýäniň Wena şäherindäki ilçihanasynda, takmynan 1 ýyl ozal Wenada başdan geçirilen terrorçylykly hüjümde ýaralanmaklaryna garamazdan 1 polisiýa işgärini halas eden Rejep Taýýip Gültekini we Mikail Özeni kabul etdi. Kabul edilşikde ady agzalan terrorçylykly hüjümde başdan geçirilenleriň üstünde durulyp geçildi. 

Ondan soň Wena şäherindäki türk jemgyýetiň wekillerini kabul eden Mustafa Şentop, raýatlar bilen söhbetdeş boldy, olar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

Mustafa Şentop ondan soň bolsa Türkiýäniň BMG-nyň Wena ofisiniň çägindäki hemişelik wekili Ilçi Ahmet Muhtar Gün tarapyndan berilen agşam naharyna gatnaşdy. 



Degişli Habarlar