Erdogan: "Türkiýe gidroelektrik göwrüminde dünýäde ilkinji 10 ýurdyň arasynda"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň gidroelektrik göwrüminde dünýäde ilkinji 10 ýurdyň arasyndadygyny habar berdi

1704660
Erdogan: "Türkiýe gidroelektrik göwrüminde dünýäde ilkinji 10 ýurdyň arasynda"

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan Türkiýäniň gidroelektrik göwrümi barada maglumat berdi. 

Erogan: "Dolanşygymyz boýunça guran gidroelektrik desgalarymyz bilen Türkiýäni bu ugur boýunça örän tapawutly sepgide ýetirmegiň hötdesinden geldik. Mundan soň hem maýa goýumlarymyz arakesmesiz dowam eder, energetika ugry boýunça ýurdumyzy nesip bolsa has hem güýçlendireris. Bize ynanyň. Türkiýe gidroelektrik göwrüminde dünýäde ilkinji 10 ýurdyň arasynda" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan Türkiýäniň 31 müň 436 megawatt güýji bilen 735 gidroelektrik desganyň bardygyny, olaryň elektrik önümçiligindäki paýynyň bolsa 20,1 göterimdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar