Süleýman Soýlu Oliwer Warheliý bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Goňşuçylyk we giňelmek boýunça komissary Oliwer Warheliý we ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi

1703818
Süleýman Soýlu Oliwer Warheliý bilen duşuşyk geçirdi

Paýtagt Ankara şäherinde Howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlar koordinasiýa merkezinde (GAMER) geçirilen duşuşykda, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Goňşuçylyk we giňelmek boýunça komissary Oliwer Warheliýni GAMER-e gezelenç etdirdi we merkez barada maglumat berdi. 

Gepleşikleriň barşynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, bosgun, serhet howpsuzlygy, Owganystanda başdan geçirilen soňky hadysalaryň döretjek bosgun tolkuny ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşyga Içeri işler ministriniň orunbasary Muhtarem Inje we ÝB-niň Türkiýe delegasiýasynyň başlygy Nikolaus Meýer-Landrut hem gatnaşdy. 



Degişli Habarlar