Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Daşary işler ministrligi telefon söhbetdeşlikleri barada beýanat berdi

1703683
Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Bahreýniň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al-Zaýani we Özbegistanyň Daşary işler ministri Adbulaziz Kamilow bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Mewlüt Çawuşogly Bahreýniň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al-Zaýani bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Özbegistanyň Daşary işler ministri Adbulaziz Kamilow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa Owganystan meselesini maslahatlaşdy. 



Degişli Habarlar