Türkiýe Gwineýadaky harby agdarlyşygy ýazgardy

Türkiýe Gwineýadaky harby agdarlyşygy we ýurdyň Prezidenti Alfa Kondeniň tussag edilmegini ýazgardy

1702974
Türkiýe Gwineýadaky harby agdarlyşygy ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Gwineýada başdan geçirilen harby agdarlyşygy we ýurdyň Prezidenti Alfa Kondeniň tussag edilmegini ýazgarýarys we hadysalara alada bildirýäris" diýip habar berildi.

"Türkiýe saýlaw esasynda häkimiýetiň başyna gelen hökümetleriň bikanun ýollar bilen çalşylmagyna garşydyr" diýip bellenen beýanatda, dostlukly we doganlyk Gwineýada konstitutsion düzgüniň iň gysga wagtda dikeldilmegi, Prezident Alfa Kondeniň tiz wagtda azat edilmegi baradaky tamalar nygtalyp geçildi.

Beýanatda: "Türkiýede başyndan geçirýän bu kyn we tankydy döwürde dostlykly we doganlyk Gwineýanyň ýanynda bolar" diýip mälim edildi.

Gwineýanyň paýtagty Konakri şäheriniň Prezidentiň Köşgi Sekoutoureýa we hökümet binalarynyň ýerleşýän Kaloum etrapçasynda düýn irden ýaraglaryň sesleri eşidilipdi.

Wakadan birnäçe sagat soň Ýöriteleşdirilen harby toparyň ofiseri polkownik Mamady Doumbouýanyň häkimiýeti ele geçirendikleri baradaky wideo sosial mediada paýlaşylypdy, şol wagt ýurdyň Prezidenti Alfa Kondeniň hem esgerler tarapyndan saklanmagy bilen bagly wideo material hem paýlaşylypdy. 



Degişli Habarlar