“Täze Okuw Ýyly Düşümli Bolsun”

Prezident Erdogan, Stambul şäherinde 2021-2022 täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1703227
“Täze Okuw Ýyly Düşümli Bolsun”

Prezident R. T. Erdogan, Stambul şäherinde Soltanahmet Hünärmen we tehniki Anadoly litseýinde 2021-2022 täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda “2021-2022 täze okuw ýylynyň okuwçylarymyz, mugallymlarymyz, ene-atalarymyz we ýurdumyz üçin düşümli bolmagyny dileýärin” diýdi.

Mekdeplerde okuwyň dowam etdirilmegi üçin sanjymlama tapgyrynyň ähmiýetine ünsi çeken Prezident Erdogan “Sanjymlama tapgyrynda 100 milliona tarap barýarys” diýdi.

Prezident Erdogan, “Milli Bilim ministrligimizde gurlan digital ulgam arkaly mekdepleriň ýagdaýy, hassalyga garşy göreşde ýetilen soňky sepgit bilen ýakyndan gyzyklanýarys we gyzyklanmaga dowam ederis. Okuwlaryň dowam etdirilmegi üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Halka sanjym etdirmekleri üçin çagyryş beren Erdogan “Nobaty gelen her bir raýatymyza, ilkinji nobatda bilim pudagynyň işgärlerine we ene-atalarymyza sanjym etdirmekleri üçin çagyryş berýärin. Epidemiýa garşy göreşde sanjymlama diýseň möhüm. Epidemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak, okuwçlarymyzyň, mugallymlarymyzyň we ene-atalarymyzyň başda durmagynda her bir adamyň çäleri gyşarnyksyz berjaý etmegine bagly” diýdi.

Prezident Erdogan “Täze görnüş koronawirus sebäpli emele gelen kynçylyklara garamazdan ýurdumyzda okuwlary dowam etdiren birnäçe döwletden biri bolduk” diýip belledi.



Degişli Habarlar