Erdogan Roş Ha-Aşana Baýramy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi
Prezident R.T.Erdogan ybrany kalendarynyň täze ýyly bolan Roş ha-Aşana mynasybetli musaýy raýatlary gutlady
Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Prezident Erdogan Roş ha-Aşana baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.
Musaýy raýatlary gutlan Erogan medeni, syýasy we gumanitar ulgamdaky tapawutlyklaryň Türkiýäni beýgeldýän, agzybirligi we jebisligi güýçlendirýän baýlyk çeşmesidigini nygtady.
Erdogan ýüzlenmesinde: “Döwletimiz raýatlarynyň dini ynanç we ybadat azatlyklaryny dünýädäki ençeme ýurtdan ozal konstitutsion taýdan kepillendirip, bu baýlygymyzyň goralmagyna sarpa goýýýandygyny görkezdi.
Sebitimizde günsaýyn ýaýbaňlanýan medeni rasizme, ekstremizme, çetleşdiriji diskurslara garamazdan Türkiýe ähli dini ynançlaryň azat-erkin ýaşaýan, basyşy we terrorizmi öwmedigi saýyn ähli pikiriň erkinlik bilen beýan edilýän ýurtlaryndan biridir.
Dil, din, millet tapawudyna garamazdan Türkiýe Respublikasynyň raýatlarynyň ählisiniň asuda, howpsyz we parahat ýaşamaklary iň esasy borjumyzdyr.
Ýüzlerçe ýyllyk geçmişimizi bölüşýän adamlar hökmünde gelejegimizi hem bilelikde gurjakdygymyza ynanýarys.
Musaýyn raýatlarymyzyň ýurdumyzyň ösmegine, güýçlenmegine we maksatlaryna ýetmegi üçin goşan goşantlary bizi buýsandyrýar.
Pursatdan peýdalanyp Roş ha-Aşana baýramynyň ähli raýatlarymyza, şol sanda musaýylara saglyk we asudalyk getirmegini arzuw edýärin” diýdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolar
Ministr Fidan, saparynyň çäginde gollandiýaly kärdeşi Clot Hanke Brýuinz bilen duşuşar.
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Iki hepde-de ekstremist terror guramasy PKK-a agza 75 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.