Türkiýe Yrakda guralan hüjümleri ýazgardy

Türkiýe Yrakda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

1702814
Türkiýe Yrakda guralan hüjümleri ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Yragyň Kerkük welaýatynyň Reşit etraby bilen Mosul welaýatynyň Mahmur etrabynda şu gün Yragyň Howpsuzlyk güýçleri bilen terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda azyndan 15 howpsuzlyk güýjüniň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu elhenç terrorçylykly hüjümde ýogalan Yragyň howpsuzlyk güýçlerine Alladan rehnet, ýaralananlar şypa, dostlukly we doganlyk Yragyň halky bilen hökümetine bolsa gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Yrakda asudalygyň we howpsuzlygyň nyşana alynyp guralan bu terrorçylykly hüjümleriň berk ýagdaýda ýazgarylýandygy bellenen beýanatda: "Goňşymyz Yragyň terrora garşy göreşinde raýdaşlyk içindedigimizi we islendik kömegi bermäge taýardygymyzy ýene-de bir gezek nygtap geçmek isleýäris" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar