Türkiýe Neriman Jelalyň göz tussaglygyna alynmagyna alada bildirýär

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç mesele bilen bagly beýanat berdi

1702624
Türkiýe Neriman Jelalyň göz tussaglygyna alynmagyna alada bildirýär

Türkiýe Russiýanyň bikanun ýagdaýda anneksiýa eden Krymda, Russiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň Krym Tatar milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary Neriman Jelaly göz tussaglygyna almagyna alada bildirýändigini habar berdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, Krym Tatar milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary Neriman Jelalyň göz tussaglygyna alynmagy bilen bagly soraga jogap berdi.

Jelalyň düýn irden Krymdaky öýünde geçirilen operasiýanyň netijesinde göz tussaglygyna alynyp näbelli bir ýere alynyp gidilendigini we entek özi bilen aragatnaşyga geçilip bilinmändigini aýdan Bilgiç: "Hadysalara ýakyndan gözegçilik edýäris. Neriman Jelalyň we onuň bilen bilelikde saklanan 4 Krym tataryň iň gysga wagtda öýlerine we maşgalalaryna gowuşmaklaryny dileýäris" diýip habar berdi.



Degişli Habarlar