Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Pynar Kara operasiýalar barada beýanat berdi

1702826
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi soňky 1 aýda ýurdyň öz içinde we daşary ýurtda 22 operasiýanyň geçirilendigini, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan şu günki güne çenli 18 müň 455 terrorçynyň, şu ýylyň başyndan bäri bolsa 1 müň 865 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklar bölüminden Analiz we netijelendirme ofiseri maýor Pynar Kara tarapyndan ministrlikde metbugat ýygnagy geçirildi. 

Metbugat ýygnagynda çykyş eden Pynar Kara, FETÖ, PKK/KJK/PÝD-ÝPG, DAIŞ ýaly guramalar başda bolmak ähli terror guramalaryna garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdirilýändigini belläp: "Soňky 1 aýda ýurdyň hem öz içinde hem-de daşary ýurtda 6-sy uly göwrümli, 16-sy orta derejeli jemi 22 operasiýa geçirildi. 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan şu günki güne çenli 18 müň 455 terrorçy, şu ýylyň başyndan bäri bolsa 1 müň 865 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi. 

Pynar Kara 23-nji aprelde başladylan we Yragyň demirgazygyndaky Metina we Awaşin-Basýan sebitlerinde şol bir wagtyň özünde geçirilýän Penje operasiýalarynda bolsa şu günki güne çenli 244 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Pynar Kara soňky 1 aýda Siriýada türk komandos güýçleri tarapyndan DAIŞ-e agza 105 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar