Mewlüt Çawuşugly Gresiýa reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň Günbatar Frakiýada türkler tarapyndan saýlanan müftilere garşy iriziji gollanmalaryny we basyş syýasatlaryny bes etmeginiň gerekdigini belledi

1702699
Mewlüt Çawuşugly Gresiýa reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly özüniň Twitter hasabyndan Günbatar Frakiýa türk azlygy Konsultatiw geňeşiniň başlygy we Komotini şäheriniň saýlanan müftüsi Ibrahim Şerifiň Twitterden: "5 ýyl ozal Alankuýulu doganlarymyz tarapyndan geçirilen sünnet dabarasyna gatnaşmagymyz uzurpatorlyk kabul edilip, 7-nji oktýabrda Saloniki Bidaýet kazyýetine çagyryldyk. Alla kömek etsin" diýip beren beýanatyny paýlaşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gresiýanyň Günbatar Frakiýada türkler tarapyndan saýlanan müftilere garşy iriziji gollanmalaryny we basyş syýasatlaryny bes etmeginiň gerekdigini belläp: "Lozanna parahatçylyk ylalaşygyndan gözbaş alýan hukuklaryň we dini azatlyklaryň goralmagy babatyndaky haklardan ugur alyp kowumdaşlarymyzyň ýanynda bolarys" diýip Gresiýanyň kararyna reaksiýa bildirdi. 



Degişli Habarlar