Edilýän tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egýän terrorçylaryň sany artýar

Edilen tagallalaryň netijesinde şu ýylyň başyndan bäri Türk Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 143-e ýetdi

1702793
Edilýän tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egýän terrorçylaryň sany artýar

Edilen tagallalaryň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan ýene-de 1 terrorçy Türk Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, ministrligiň koordinasiýasy esasynda Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi we Içeri işler edarasynyň Baş müdürligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde ekstremist terror guramasyndan gaçan ýene-de 1 terrorçynyň Howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigi habar berildi. 

Boýun egen terrorçynyň 2013-nji ýylda terror guramanyň hataryna goşulandygy we Yrakda iş alyp barandygy anyklandy. 

Şeýelik bilen edilen tagallalaryň netijesinde şu ýylyň başyndan bäri Türk Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 143-e ýetdi. 


Etiketkalar: #boýun egmek , #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar