Türkiýe Bilen Ukraina Goranyş Pudagynda Şertnama Baglaşdy

Şertnama laýyklykda Ukrainanyň hova goranyş ulgamlary dövrebaplaşdyrylar

1702122
Türkiýe Bilen Ukraina Goranyş Pudagynda Şertnama Baglaşdy

Harby Elektronika Senagaty “ASELSAN) firmasy bilen Ukrainanyň dövlet ýarag eksport-import firmasy Ukrspetseksport, hova goranyş ulgamlarynyň dövrebaplaşdyrylmagy boýunça şertnama baglaşdy.

Ukrainanyň dövlet goranyş firmasy “Ukroboronpromdan” berilen beýannamada şertnamanyň Stambulda geçirilen Halkara goranyş senagaty sergisinde gol çekişilendigi mälim edildi.

İki firmanyň hova goranyş ulgamlarynyň dövrebaplaşdyrylmagy boýunça şertnama baglaşandygy, firmanyň Baş Müdiri Vadim Nozdriýanyň şertnamanyň dövletara harby tehnologiýa taýdan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin täze bir başlangyçdygyny aýdandygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar