Erdogan daşary ýurtly ilçileriň ynanç hatlaryny kabul etdi

Filippinler, Boliwiýa we Täjigistan ýaly döwletleriň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri Prezident Rejep Taýýip Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar

1701142
Erdogan daşary ýurtly ilçileriň ynanç hatlaryny kabul etdi
erdogan tacikistan Ashrafjon Sheralievich Gulov.jpg
erdogan bolivya Edgar Adolfo Sejas Vera.jpg
erdogan flipinler Maria Elena Palo Algabre.jpg

Prezident Erdogan ilki bilen Filippinleriň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Maria Elena Palo Algabreni kabul etdi. 

Prezidentiň kompleksinde geçen kabul edilşikde Filippinleriň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Maria Elena Palo Algabre Prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy. 

Algabreniň ilçihananyň käbir işgärlerini Prezident Erdogan bilen tanyşdyranyndan soň ýadygärlik surata düşüldi. 

Prezident Erdogan ondan soň bolsa Boliwiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Edgar Adolfo Sehas Werany kabul etdi. 

Kabul edilşikde Boliwiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Edgar Adolfo Sehas Wera Prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy. 

Prezident Erdogan soň bolsa Täjigistanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aşrafjon Şeraliýewiç Gulowy kabul etdi. 

Gulowyň ýany bilen gelen maşgalasyny we ilçihananyň käbir işgärlerini Prezident Erdogan bilen tanyşdyranyndan soň ýadygärlik surata düşüldi. 



Degişli Habarlar