Prezident Erdogan: "FETÖ-ni Balkanlardan dolulygyna aýyrarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Fethullahçy Terror Guramasyny (FETÖ) dolulygyna aýyrarys" diýip nygtady

1700864
Prezident Erdogan: "FETÖ-ni Balkanlardan dolulygyna aýyrarys" diýdi

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Serbiýanyň Täze Bazar şäherindäki Baş konsullygyň açylyş dabarasyna wideo ýüzlenme ugratdy. 

Prezident Erdogan: "FETÖ dönük guramany Balkanlardan dolulygyna aýyrarys. TIKA edaramyz galkynyş taslamalaryny durmuşa geçirýär. Balkan geografiýasyndaky ähli gatlaklary ençeme asyrlap bilelikde ýaşan we gelejekdede bilelikde ýaşajak dostlarymyz hökmünde garaýarys. Serbiýada ilatynyň aglabasy bosniýaly bolan Sanjak sebitinde açylan Täze Bazar Baş konsullygynyň ýurdumyz üçin düşümli bolmagyny dileýärin. Ähliňize uly hormat bilen salamymy ýollaýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar