Tunjeli welaýatynda terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar ýok edildi

Tunjeli welaýatynda dowam edýän "Eren-7 Munzur" atly operasiýada tapylan terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar ýer bilen ýegsan edildi

1699094
Tunjeli welaýatynda terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar ýok edildi

Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, şäheriň merkezine ýakyn bolan ýerdäki obalyk ýerde geçirilen operasiýada howpsuzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen gözleg we saplaýyş işleriniň netijesinde 2 gaçybatalga tapyldy. 

Gaçybatalgalarda geçirilen gözleg işlerinde ýarag we ok-däri bilen köp mukdarda azyk ele salyndy. 

Gözleg işlerinden soň gaçybatalgalar Žandarma güýçleri tarapyndan ýok edildi. 



Degişli Habarlar