Türk Esgeriniň Owganystandan Çykarlyş Işlerini Gysga Wagtda Tamamlamagy Maksat Edinýäris

Ministr Akar, türk esgeriniň Owganystandan çykarlyş etaby hakyndaky soraga jogap berdi.

1697659
Türk Esgeriniň Owganystandan Çykarlyş Işlerini Gysga Wagtda Tamamlamagy Maksat Edinýäris

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, türk esgeriniň Owganystandan çykarlyş işlerini gysga wagtda tamamlamagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Ministr Akar, türk esgeriniň Owganystandan çykarlyş etaby hakyndaky soraga jogap berdi.

Owganystanda özüne berlen jogapkärçiligi üstünlikli ýerine ýetirmegiň buýsanjy bilen Mehmetçigiň Owganystandan çykarylmaga başlanandygyny aýdan Akar “Kabul howa menzilindäki dyklyşyga we oňaýsyz şertlere garmazdan Türk ýaragly güýçleriniň Owganystandan çykarylmagy baradaky meýilnamanyň gyşarnyksyz iş ýüzüne geçirilmegi üçin tagalla edilýär. Bize berýän goldawlary üçin dost we doganlyk ýurt Pakistan we Täjigistan bilen birlikde sebitdäki hyzmatdaşlarymyza sagbolsun aýdýarys. Daşary işler ministrligi bilen birlikde degişli guramalarymyz utgaşykly ýagdaýda meýilnamany durmuşa geçirýär” diýdi.



Degişli Habarlar