Prezident Erdogan Malazgirt Ýeňişiniň 950 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Mundan beýläk hiç kimiň, hiç bir gatlagyň, hiç bir güýjüň ýurdumyza, milletimize, ýaşlarymyza ýitgi çekdirmegine rugsat bermeris" diýdi

1697444
Prezident Erdogan Malazgirt Ýeňişiniň 950 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy

Prezident Erdogan Malazgirt Ýeňişiniň 950 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Bitlis welaýatynyň Ahlat etrabyndaky dabarada çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "2023-nji ýyldaky maksatnamalary bilen ýurdumyzy hak eden demokratiýa we galkynyş derejesine ýetirmek üçin ähli güýjümiz bilen göreş alyp bardyk, häzirki wagtda hem alyp barýarys" diýip belledi. 

Erdogan: "Ýaşlara 2053-nji we 2071-nji ýyllar bilen bagly maksatnamalary bilen Türkiýäni ähli ugurlar boýunça dünýäniň iň güýçli ýurtlaryň hataryna çykarmak wezipesini miras goýup gidýäris" diýip nygtady. 

"Mundan beýläk hiç kimiň, hiç bir gatlagyň, hiç bir güýjüň ýurdumyza, milletimize, ýaşlarymyza ýitgi çekdirmegine rugsat bermeris" diýip bellän Erdogan, Türkiýäniň şu günki gün sebitinde we dünýäde, islendik tankydy meselede agalyk ediji bir ýurda öwrülendigini aýan etdi. 

Prezident Erdogan Ahlat etrabyndaky ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Medeni mirasynyň wagtlaýyn sanawyna alynan dünýäniň iň uly Türk-Yslam gonamçylygy aýratynlygyna eýe bolan Seljukly meýdan gonamçylygyna zyýarat etdi. 

Prezident Erdogan düýn şeýle hem sebitiiň welaýat häkimleri bilen hem maslahat geçirdi. 



Degişli Habarlar