Çelik: "Türkiýe owgan halky näçe islese şonçada ýanynda bolmaga dowam eder" diýdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, Türkiýäniň owgan halky näçe islese şonçada ýanynda bolmaga dowam etjekdigini habar berdi

1697795
Çelik: "Türkiýe owgan halky näçe islese şonçada ýanynda bolmaga dowam eder" diýdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Owganystanda iş alyp barýan dostlukly we doganlyk Owgan halkynyň parahatçylygyna, asudalygyna we durnuklylygyna goşant goşan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýene-de bir wezipäni üstünlikli ýagdaýda ýerine ýetirendigini mälim etdi.  

Ömer Çelik: "Şol çäkde 6 ýyl dowam etdiren Kabul howa menzili missiýasynda gulluk borçlaryny ýerine ýetiren esgerlerimiz watanymyza gaýdyp gelýär. Türkiýe owgan halky näçe islese şonçada ýanynda bolmaga dowam eder. Türkiýe ynamdar dost, dogan we hyzmatdaşdyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar