Koja: "Türkiýe sanjymlama tapgyrynda dünýäde 7-nji orunda durýar" diýdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Türkiýäniň edilen Kowid-19 sanjymynyň doza mukdary boýunça dünýäde 7-nji orunda durýandygyny habar berdi

1697042
Koja: "Türkiýe sanjymlama tapgyrynda dünýäde 7-nji orunda durýar" diýdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitter hasabyndan Kowid-19 sanjymlary barada beýanat berdi. 

Fahrettin Koja: "Jemi doza sany boýunça 7-nji orunda durýarys. Ilaty Türkiýe bilen deň bolan sanjym öndüriji ýurt bolan Germaniýa sanawda 6-njy orunda durýar. Sanawyň ilkinji ornunda 1 milliard 400 million ilatly Hytaý bar. Ýewropanyň ençeme ýurdy biziň ýurdumyz bilen şol bir görkezijä, şol bir netijelilige eýe däl. Boluň size garaşýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar