Yragyň demirgazygynda operasiýa geçirildi

Yragyň demirgazygyndaky Asos sebitinde anyklanan terrorçylara degişli 28 aýry ýer howa hüjümi bilen ýer bilen ýegsan edildi

1696306
Yragyň demirgazygynda operasiýa geçirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Milli Howpsuzlyk gullugy bilen geçiren işleriniň netijesinde serhetden 200 km alysda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Asos sebitinde käbir ýerleriň terrorçylar tarapyndan ulanylýandygy anyklandy.

20-den gowrak harby uçaryň gatnaşmagynda geçirilen howa operasiýasynyň netijesinde terrorçylara degişli gaçybatalgalar, gowaklar, ok-däri ammarlary we ştablardan ybarat jemi 28 nyşana ýok edildi.

Esasan hem ýerli we milli ok-därileriň ulanylan howa operasiýasy bilen terror guramanyň sebitdäki barlygyna agyr zarba uruldy. 



Degişli Habarlar