"Türkiýe dünýäniň öňdebaryjy goranyş senagat öndürijisi we eksportçylaryň hataryna girdi"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Türkiýe uçarmansyz howa ulaglary başda bolmak bilen ençeme ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy goranyş senagat öndürijisi we eksportçylaryň hataryna girdi" diýip habar berdi

1696525
"Türkiýe dünýäniň öňdebaryjy goranyş senagat öndürijisi we eksportçylaryň hataryna girdi"

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankara şäherinde geçirilen Giňeldilen welaýat başlyklarynyň maslahatynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "Döwlet býujet ýetmezçiligini 2019-njy ýylda ýapmagyň we köpeltmegiň hötdesinden gelipdik, ýakyn wagtda ýene-de şolar ýaly tablisany göreris" diýip mälim etdi. 

Erdogan: "Merkezi bank ätiýajymyz häzirki wagtda 109 milliard dollar derejesindedir. Tapgyry tamamlanan işler bilen birlikde şony öňümizdäki günlerde 115 milliard dollardan hem geçireris" diýip aýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Ýerli awtoulagymyzyň önümçilik tapgyry meýilleşdirilşi ýaly dowam edýär. Nesip bolsa 2023-nji ýylda öz awtoulagymyzy ýollarda göreris. Türkiýe uçarmansyz howa ulaglary başda bolmak bilen ençeme ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy goranyş senagat öndürijisi we eksportçylaryň hataryna girdi" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar