Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Çanakkale welaýatynyň Aýwajyk etrabynda geçirilen 2 aýry operasiýada Gresiýanyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 52 bosgun halas edildi

1696119
Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Çanakkale welaýatynyň Aýwajyk etrabynda çiýşirilen gaýykda bosgunlaryň bardygyny anyklady. 

Sebite baran Gresiýanyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 24 bosgun halas edildi. 

Welaýatyň Bababurnu diýilýän ýeriň suw giňişliginde Gresiýanyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilenlerinden soň öz mümkinçilikleri bilen kenara çykan 28 bosgun hem Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan saklandy. 

Bosgunlar deslapky işlerden soň Aýwajyk etrabynyň Daşary ýurtlylary yzyna ugratmak merkezine alynyp gidildi. 

Izmir welaýatynyň Foça etrabynyň suw giňişliginde hem bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda sebite Kenarýaka Howpsuzlyk gullugyna degişli topar gönükdirildi. 

Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 8 bosgun topar tarapyndan halas edildi. 

Bosgunlar deslapky işlerden soň Welaýat Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 



Degişli Habarlar