Mejlisiň Başlygy Şentop, Ukrainaly Kärdeşini Gutlady

Şentop, Ukrainanyň garaşsyzlyk güni mynasibetli Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Dmitro Razumkowa gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

1696189
Mejlisiň Başlygy Şentop, Ukrainaly Kärdeşini Gutlady

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Ukrainanyň garaşsyzlyk günini gutlady.

Mustafa Şentop, Ukrainanyň garaşsyzlyk güni mynasibetli Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Dmitro Razumkowa gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Şentop, ýüzlenmesinde dost ýurt ukrainanyň halkyny we kärdeşi Razumkowy garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady.

TBMM-niň başlygy Şentop ýüzlenmesinde “Ukraina bilen özara gatnaşyklarymyzy we hyzmatdaşlygymyzy ähli taraplaýyn ösdürmäge taýardygymyzy we şol çäkde mejlisara gatnaşyklarymyzyň we saparlaryň artdyrylmagyny maksat edinýändigimizi nygtamak isleýärin. Gysga wagtda duşuşmak dilegi ilen size we Ukrainanyň Mejlisiniň ähli agzalaryna saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar