Çawuşogly: "Krymyň bikanun ýagdaýdaky anneksiýasyny hiç wagt ykrar etmedik" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ukrainada geçiriljek Krym Platformasyny döretmek sammitinden ozal beýanat berdi

1695888
Çawuşogly: "Krymyň bikanun ýagdaýdaky anneksiýasyny hiç wagt ykrar etmedik" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Ukrainanyň territorial bütewiligini goldaýandyklaryny belläp: "Krymyň bikanun ýagdaýdaky anneksiýasyny hiç wagt ykrar etmedik we ykrar etmejekdigimizi hem dowamly aýdýarys" diýip habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ukrainada geçiriljek Krym Platformasyny döretmek sammitinden ozal beýanat berdi. 

Maslahata Türkiýäniň Ukrainanyň territorial bütewiligine berýän goldawyny we Krym tatarlarynyň hukuklaryna berýän ähmiýedini görkezmek üçin gatnaşýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Krymyň bikanun ýagdaýdaky anneksiýasyny hiç wagt ykrar etmedik we ykrar etmejekdigimizi hem dowamly aýdýarys. Diňe muny aýtmak bilen bolmaz. Krymyň we Ukrainanyň toprak we territorial bütewiligini Ukrainany goldaýan beýleki dostlukly we hyzmatdaş ýurtlar bilen belläp geçýäris, berýän goldawymyzy nygtap geçýäris" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly platformanyň Kyrymyň we Krym tatarlarynyň hukuklarynyň goralmagynda, Ukrainanyň territorial bütewiliginiň goralmagynda möhüm roly öz üstüne aljakdygyna ynanýandygyny mälim etdi. 

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda ýokary derejeli gatnaşyklaryň bardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Gatnaşyklarymyzy tapawutly ugurlar boýunça hem özgertmek üçin arman-ýadaman işleýäris. Oktýabr aýynda Umumy Strategik meýilnama maslahatyny gadyrly dostym Dmitri Kuleba bilen geçirmek üçin ýaňadandan Ukraina gelerin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar