Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Sinjar sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1694073
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK-a ýene-de bir uly zarbanyň urulandygy habar berildi. 

Beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Sinjar sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 10 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Nirde bolsalar bolsunlar, terrorçylaryň hinlerini başlaryna ýumurdyk, mundan soň hem ýumurmaga dowam ederis" diýip mälim edildi. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Siriýanyň demirgazygynda biri Ýewfrat Galkany sebitinde beýlekisi Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde bolmak bilen hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Ýurdyň içinde hem terror guramasyna yzly-yzyna urulmaga salynmaga dowam edilýär. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Twitter hasabyndan beren beýanatynda, eýýäm ençeme wagt bäri gözegçilik astynda tutulan 8 adamdan ybarat terror toparynyň, Hakkari welaýatynyň Jilo Alandüz diýilen ýerinde täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Eren-7 operasiýalarynyň çäginde hem Tunjeli welaýatynyň Hozat etrabynyň Dagýurdu etrapçasynda 1 terrorçy elindäki ýaragy bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Eren-1 operasiýasynyň çäginde bolsa Wan welaýatynyň Çatak etrabynyň Karataş Çukurlary diýilýän ýerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #terrorçy , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar