Oktaý: "Serhetlerimize bolmagy ähtimal bosgun akymlaryna garşy howpsuzlyk çärelerini görýäris" diýdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý: "Owganystanda başdan geçirilýän ynsan dramalaryny gözbaşynda çözmek ugrundaky ygtyýarymyz dowam edýär, serhetlerimizde bolsa bolmagy ähtimal bosgun akymlaryna garşy howpsuzlyk çärelerini görýäris" diýip belledi

1693227
Oktaý: "Serhetlerimize bolmagy ähtimal bosgun akymlaryna garşy howpsuzlyk çärelerini görýäris" diýdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Stambulda eden çykyşynda, Owganystanda başdan geçirilýän ynsan dramalaryň ortadadygyny belläp, ýurdyň eýýäm ençeme wagt bäri syýasy durnuksyzlyga, içerki söweşe we näbellilik ýagdaýyna sezewardygyny beýan etdi. 

Fuat Oktaý: "Owganystanda başdan geçirilýän ynsan dramalaryny gözbaşynda çözmek ugrundaky ygtyýarymyz dowam edýär, serhetlerimizde bolsa bolmagy ähtimal bosgun akymlaryna garşy howpsuzlyk çärelerini görýäris. Owganystanyň durnuklylyga gowuşmagy üçin Prezidentimiziň liderlik etmeginde öz üstüne düşýänleri etmäge dowam edýär" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar