Türkiýedäki sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) beýanat berdi

1690387
Türkiýedäki sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Kastamonu, Sinop we Bartyn welaýatlaryndaky sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi. 

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) tarapyndan berilen beýanatda, sil apaty sebäpli Kastamonu welaýatynda 25 adamyň, Sinop welaýatynda bolsa 2 adamyň ýogalandygy mälim edildi.

Beýanatda tebigy apatdan soň degişli ähli edaradyr kärhanalaryň işgärleri we ulaglary bilen howpsuz ýerlere ýerleşdirmek, gözleg we halas ediş işlerine girişendigi habar berildi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan beren beýanatynda sil apatynyň başdan geçirilýän Bartyn welaýatynda 323 adamyň, Kastamonu welaýatynda 925 adamyň, Sinop welaýatynda bolsa 472 adamyň dikuçarlar we gaýyklar bilen howpsuz ýerlere göçürilendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #Bartyn , #Sinop , #Kastamonu , #sil apaty

Degişli Habarlar