Koja: "18 ýaşdan uly ýaşda bolan raýatlarymyza sanjymlama 70 göterimden geçdi" diýdi

Türkiýede koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde azyndan 1 doza sanjym etdiren 18 ýaş we ondan uly ýaşda bolan raýatlaryň sanjymlamasy 70 göterimden geçdi

1690842
Koja: "18 ýaşdan uly ýaşda bolan raýatlarymyza sanjymlama 70 göterimden geçdi" diýdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, sanjymlama programmasy bilen baglanşykly özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde azyndan 1 doza sanjym etdiren 18 ýaş we ondan uly ýaşda bolan raýatlaryň sanjymlamanyň 70 göterimden geçendigini aýdan ministr Koja: "Sanjym tapgyrymyzy üstünlikli ýagdaýda dowam etdirýäris. Bir tarapdan sanjym edýän, beýleki tarapdan bolsa hroniki keselli raýatlarymyza gözegçilik edýän maşgala lukmanlarymyzy we maşgala saglygynyň işgärlerini gutlaýaryn" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar