Erdogan siliň zyýan ýetiren ýerleriniň Betbagytçylykly zolak hökmünde yglan edilendigini aýtdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Kastamonu, Bartyn we Sinop welaýatlarynda sil apatynyň ýaramaz täsir ýetiren ýerleriniň Betbagytçylykly zolak hökmünde yglan edilendigini habar berdi

1690809
Erdogan siliň zyýan ýetiren ýerleriniň Betbagytçylykly zolak hökmünde yglan edilendigini aýtdy

Prezident R.T.Erdogan 11-nji awgustda Günbatar Gara deňiz sebitinde sil apatynda ýitgi çeken Kastamonu welaýatynyň Bozkurt etrabyna bardy.

Erdogan etrapda silden zyýan çekenlere ýüzlenip eden çykyşynda çekilen ýitgileriň öweziniň gysga möhletde dolunjakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan: “Alla ýol berse bu apatam ýeňip geçeris. Döwletimiz elinden geleni gysga möhletde eder. Enşalla gysga möhletde dikeldiş işlerini amala aşyrarys. Bu döwlet hiç haçan çökmedi, ýykylmady we ýykylmaz. Gysga möhletde ähli kynçylyklaryň hötdesinden geleris” diýdi.

Prezident Erdogan juma namazyndan soň beren beýanatynda sebitde 4 müň 760 işgäriň, 19 dikuçaryň, 1 uçarmansyz howa ulagynyň, 66 tiz kömek ulagynyň, 41 Milli lukmançylyk halas ediş toparynyň, 630 hyzmat ulagynyň, 437 ekskawatoryň we başgada ençeme ulagdyr-enjamlaryň iş alyp barýandygyny habar berdi.

Ýollara we köprülere zyýan ýetmegi sebäpli aragatnaşyk kesilen ýerler üçin goşmaça ýollaryň üstünde gara ýollar edarasynyň işgärlerriniň iş alyp barýandygyny aýdan Erdogan: "Kredit goldawyndan başlap, salgytlaryň yza süýşürilmegine çenli ähli zerur zatlary ýola goýduk" diýip mälim etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Kastamonu, Bartyn we Sinop welaýatlarynda siliň ýaramaz täsir ýetiren ýerleriniň Betbagytçylykly zolak hökmünde yglan edilendigini habar berdi.

Prezident Erdogan: "Ýogalan raýatlarymyzy yzyna getirip bilmeýäris, emma döwletimiz ähli beýleki ugurlar boýunça her dürli ýitginiň öwezini dolup biljek güýje, mümkinçilige, tutanýerlilige eýedir. Ýumrulan binalaryň ýerine has gowularyny gurup, ýanan ýerleriň ýerine has köp ekip, kemeleniň ýerine has köpüni goýup ýolumyzy dowam etdireris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar