Türkiýe Sanjymlamada Dünýäde 8-nji Orunda Durýar
Türkiýe koronawirus epidemiýasyna garşy dünýäde iň köp sanjym etdiren 8-nji ýurt boldy
1688825
Dünýä derejesinde Kowid-19-a garşy edilen sanjymlaryň sany 4 milliard 480 million dozadan geçdi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän habaryna görä Türkiýede şu günki güne çenli 78 million 552 müň 659 doza sanjym edildi.
Türkiýe edilen sanjym sany boýunça dünýäde 8-nji orunda durýar.
Ýurt derejesinde 42 million 415 müň 458 adama 1-nji doza, 30 million 206 müň 124 adama 2-nji doza sanjym edildi.
Hytaý 1 milliard 780 million doza bilen dünýäde iň köp sanjym etdiren ýurt boldy.
Hytaýdan son 508 million 660 müň bilen Hindistan, 351 million 930 müň bilen ABŞ gelýär.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.