Türkiýe Mali döwletine gynanç bildirdi

Türkiýe Malide başdan geçirilen terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlar sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1688440
Türkiýe Mali döwletine gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Maliniň Gao sebitinde 2021-nji ýylyň 8-nji awgustynda asuda ilatyň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümiň netijesinde 50-den gowrak adamyň ýogalandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Guralan bu terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlaryň maşgalalary bilen dogan-garyndaşlaryna, Maliniň halkyna we hökümetine çuňňur gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Maliniň Ansongo sebitindäki Ouatagouna etrabynda ýerleşýän 4 aýry oba, ýaragly terrorçy toparlaryň hüjümine sezewar galypdy. Hüjümiň netijesinde onlarça adam ýogaldy, köp sanda adam bolsa ýaralandy. 



Degişli Habarlar