Prezident Erdogan Türkiýäniň Milli Olimpiýa toparyny gutlady

Erdogan Twitter hasabyndan beýanat berdi

1687964
Prezident Erdogan Türkiýäniň Milli Olimpiýa toparyny gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 2020 Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, 13 medal gazanyp ýurda gaýdyp gelen Türkiýäniň Milli Olimpiýa toparyny gutlady.

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "2020 Tokio Olimpiýa oýunlaryndan rekord derejede medal bilen gaýdyp gelen Türkiýäniň Milli Olimpiýa toparyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Medal gazansyn ýa-da gazanmasyn her bir raýatymyz Türkiýä ýokary derejede wekilçilik etdi, bizi buýsandyrdy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar