Uçarmansyz Kargo Howa Ulagy Synagdan Geçirildi

Soňky ýyllarda goranyş senagatynda uly öňegidişlikler eden Türkiýe uçarmansyz kargo ulagyny öndürdi

1686268
Uçarmansyz Kargo Howa Ulagy Synagdan Geçirildi

Pudaga uly goşant goşjak “KARGO 150” uçarmansyz howa ulagy uçuş synaglaryndan üstünlik bilen geçdi.

Platforma 150 kilogram ýüki 50 minudyň dowamynda göterip bilýär we sagatda 100 kilometr tizlik bilen uçýar.

Ýüki bilen jemi uçuş agramy 739 kilograma barabar bolan “KARGO-150” ýüküni standart aragatnaşyk ulgamlary bilen 40 kilometr aralykdaky ýere gatnadyp bilýär. Şonuň netijesinde ok-däri we ýarag, ýangyç, enjamlar, azyk ýaly dürli ýükler fronta gysga möhletde, howpsuz we ykdysady taýdan elýeterli şertlerde getiriler.

Möhüm we adatdan daşary şertlerde gerek bolan ýükleri gyssagly daşamak, tebigy apat zolaklaryna we ýerlerdäki personala logistiki goldaw bermek, operatiw ýükleri gatnatmak üçin dizaýn edilen “KARGO-150” eýe bolan ukyby bilen uly ýeňillikler döredýär.



Degişli Habarlar