Ýangyn 3 Jan Aldy
Türkiýe Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär
1682821
Türkiýe tokaý ýangynlaryna garşy göreşýär.
Adana, Mersin we Osmaniýe şäherleriniň birnäçe ýerinde tokaý ýangynlary boldy.
Käbir ilatly ýerlerde ýangyn sebäpli ýaşaýjylar öýlerinden çykaryldy.
Ýangyn söndürijiler gije-gündiz tokaý ýangynlaryny söndürmek üçin iş alyp barýar.
Ortaýer deňizi sebitinden soň Egeý deňiziniň kenarlaryndaky etraplarda-da ýangynlar başlady.
Onlarça gekdar tokaý meýdany kül boldy.
İň agyr ýitgini bolsa Antalýanyň Manawgat we Akseki etraplary çekdi.
Tokaý ýangynlary ýeliň täsiri bilen giň meýdana ýaýrady.
Ýangynda 3 adam pida boldy.
Ýangyn sebäpli käbir obalardaky öýler hatardan çykdy.