Gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçy tussag edildi

Yrakdan Ýewropa geçmek üçin taýarlyk görendigi anyklanan Jimşit Demir atly terrorçy, Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň geçiren operasiýasy bilen tussag edilip Türkiýä getirildi

1682278
Gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçy tussag edildi

Gyzyl býulleten bilen gözlenýän we Ýewropa gaçmak üçin taýarlyk görendigi anyklanan PKK/KJK-a agza "Piro Karker" adyny ulanýan Jimşit Demir, Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilen operasiýa bilen Yragyň demirgazygynda tussag edilip Türkiýä getirildi. 

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Interpol tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorçy Jimşit Demiriň 2009-njy ýylda Agry welaýatynda guramanyň hataryna goşulandygy, Tendürek dagyndan Yragyň demirgazygyna geçendigi anyklandy. 

Yragyň demirgazygyndaky Hakurk, Gara we Kandil sebitlerinde guramanyň adyndan iş alyp barandygy kesgitlenen terrorçynyň, 2014-nji ýylda Siriýa geçip 1 ýyl möhlet bilen PÝD/ÝPG-niň adyndan, soňky gezek bolsa Kandilde PKK/KJK-nyň çäginde iş alyp barandygy anyklandy. 

Yrakdan Ýewropa geçmek üçin taýarlyk görendigi anyklanan Jimşit Demir atly terrorçy, Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň geçiren operasiýasynda tussag edilip Türkiýä getirildi. 



Degişli Habarlar