Yragyň demirgazygynda 2 esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilýän Penje operasiýasy zolagynda terrorçylar bilen ýüze çykan ýaragly çaknyşykda 2 esger şehit boldy

1681252
Yragyň demirgazygynda 2 esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde amala aşyrylýan Penje operasiýasynda, gözleg we saplaýyş işleri geçirilýän mahaly, ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen ýaragly çaknyşyk başdan geçirildi.

Ýüze çykan çaknyşykda 2 esgeriň şehit bolandygy, 1 esgeriň bolsa ýaralanandygy we hassahana gönükdirilendigi bellenen beýanatda, ýüze çykan çaknyşykda ekstremist terror guramasyna agza 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar