Türkiýe Awstriýanyň Kansleriniň sözlerine reaksiýa bildirdi

Türkiýe Awstriýanyň Kansleri Sebastýan Kursyň owgan bosgunlar üçin Türkiýäniň has dogry bir ýer diýip aýdan sözleriniň geň galdyryjydygyny beýan etdi

1680641
Türkiýe Awstriýanyň Kansleriniň sözlerine reaksiýa bildirdi

Mesele bilen bagly soraga ýazmaça jogap beren Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç: "Bütin dünýä täsir ýetiren we her kimiň umumy meselesi bolan durnuksyz immigrasiýa meselesini çözmek üçin umumy tagallany we hyzmatdaşlygy belläp geçmegiň ýerine, bosgunlar bu ýere gelmesin, başga ýere gitsin diýip bellemegi hem egoist hem-de hiç tarapa peýda getirmejek bir çemeleşmedir. Türkiýe sebitden gözbaş alýan global bosgun krizisiniň netijesini öz üstüne almaz we täze bir bosgun tolkunynyň hem hötdesinden gelmez. Bu pozisiýamyzy islendik pursat we ähli derejede söhbetdeşlerimize ýetirýäris, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň serhet goragçysy ýa-da bosgun düşelgesi bolmajakdygyny nygtap geçýäris" diýip habar berdi. 

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç: " Awstriýanyň Kansleri Sebastýan Kursyň gazetleriň birine beren beýanatynda, owgan bosgunlar üçin Türkiýäniň has dogry bir ýer diýip bellemegine geň galdyk. Ähli zatdan ozal Türkiýe Awstriýanyň Kansleri Sebastýan Kursyň aýdyşy ýaly Owganystana goňşy bir ýurt däldir" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar